HABARLAR


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

Täzelikler

03.07.2023

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

27.06.2023

26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Aşgabatda Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Täzelikler

23.06.2023

22-nji iýunda paýtagtymyzda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu iri medeni forum her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär.

TÜRKMENISTAN — EÝRAN: medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak ýoly bilen

Täzelikler

21.06.2023

20-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy.

TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIKLI SYÝASATY HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE GOŞANTDYR

Täzelikler

21.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — BERKARAR WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GÖNÜKDIRILEN IŞLER DOWAM ETDIRILER

Täzelikler

19.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolan düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär.

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Täzelikler

17.06.2023

Parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň höküm sürýän mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dabaraly bellenilýän toý-baýramlarymyzyň şowhuny al-asmana göterilýär, kalplara baky bagtyň owazy bolup dolýar. Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýyşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär.

Ýaş dizaýnerleriñ bilim netijeleri

Täzelikler

17.06.2023

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziñ il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işlerinde uly gidişlikler gazanylyp, häzirki zaman türkmen sungatynyñ ösüşinde aýdyñ ýüze çykýar. Indi türkmeniñ milli ruhy dünýäsi, medeni mirasy, özboluşly dünýägaraýşy kemala geldi. Biziñ milli medeniýetimize, sungatymyza, mirasymyza halkymyzyñ milli buýsançlary, häsiýetleri, ynanç-ygtykatlary, türkmenleriñ ruhy älemi siňipdir.

«AWAZA — 2023» SUNGATLARY WE ÝÜREKLERI ÝAKYNLAŞDYRDY

Täzelikler

17.06.2023

Düýn günüň ikinji ýarymynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda interaktiw suw çüwdürimli seýilgähiň giň sahnasynda «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli bu halkara dostluk festiwalyna gatnaşan ýerli we daşary ýurtly döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti boldy.

ASYLLY BAŞLANGYÇLAR ÝURDUMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ WE HALKYMYZYŇ BAGTYÝAR DURMUŞYNYŇ BINÝADYDYR

Täzelikler

17.06.2023

16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.