HABARLAR


«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Täzelikler

09.06.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda zehinli ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň abraýly festiwallara, döredijilik gözden geçirilişlere we dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

Täzelikler

09.06.2023

8-nji iýunda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP

Täzelikler

09.06.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna eýerip, Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

“KALBYMYŇ OWAZY”

Täzelikler

08.06.2023

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 7-ne suratkeşler: Nursähet Eýeberenowyň, Röwşen Akyniýazowyň, Öwezmuhammet Akmuhammedowyň, Azat Taganowyň “KALBYMYŇ OWAZY” atly suratkeşleriniň toparlaýyn sergileri açyldy.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

08.06.2023

7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, degişli edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERINI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

07.06.2023

6-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.

TÜRKMENISTAN ÖZARA BÄHBITLI GATNAŞYKLARY GIŇELTMÄGE GYZYKLANMA BILDIRÝÄR

Täzelikler

07.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ykdysady ösüşi we durmuş abadançylygyny üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

HALKLARY ÝAKYNLAŞDYRÝAN MEDENI KÖPRÜLER

Täzelikler

06.06.2023

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen medeniýeti, sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, dost-doganlygyň köprüsi bolup, Ýer ýüzüniň çar künjegine uzaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýä ýurtlarynyň birnäçesinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň guralmagy hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

06.06.2023

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI

Täzelikler

05.06.2023

Şu ýylyň 31-nji maýy — 3-nji iýuny aralygynda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti, türkmen halkynyň taryhyna, dünýä nusgalyk däp-dessurlaryna we Garaşsyz Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Giň möçberli medeni forumyň Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramyna bagyşlanan çäreler bilen utgaşmagy Medeniýet günleriniň ähmiýetini has-da artdyrdy.