HABARLAR


AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE EDARA EDIŞ MERKEZINIŇ GURLUŞYGYNA MÖHÜM ÄHMIÝET BERILÝÄR

Täzelikler

30.05.2022

28-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.<br> Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamanyň amala aşyrylyşynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan ilkinji iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguzda täze hassahanalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Täzelikler

30.05.2022

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň — köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

ARŞYŇ NEPISLIGI — TÜRKMEN HALYSY

Täzelikler

30.05.2022

29-njy maýda ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli birnäçe çäreler guraldy. Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram zehinli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÜRLI ULGAMLARDAKY IŞLERIŇ ÝAGDAÝY BILEN TANYŞDY

Täzelikler

27.05.2022

26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Welaýatyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli garşylanyldy.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISI

Täzelikler

27.05.2022

26-njy maýda Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “ALTKOM” MALIÝE-SENAGAT TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

26.05.2022

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşdy.

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “INTERBUDMONTAŽ” GURLUŞYK ASSOSIASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

26.05.2022

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY AMERIKAN IŞEWÜRLERI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

26.05.2022

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz bilen duşuşdy.

“Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi

Täzelikler

26.05.2022

25-nji maýda türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň baş şäherini şähergurluşyk ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylanlary hem-de geljekki mümkinçilikleri açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW ABŞ-nyň IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI

Täzelikler

25.05.2022

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.