HABARLAR


SÖWDA-YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI

Täzelikler

17.10.2024

16-njy oktýabrda paýtagtymyzda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGYRLARYNYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

Kitaphanalar

16.10.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde «Akyldar şahyryň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

ÄNEW MEDENIÝETI–GYMMATLY MIRAS

Kitaphanalar

16.10.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 46-njy orta mekdepde «Änew medeniýet–gymmatly miras» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

Muzeýler

16.10.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz döredijiligi bilen edebi mirasymyzda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň sarpasy belent tutulýar. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Şahyr halkyň hakydasynda nurana keşbi, döreden akyl-paýhasly ajaýyp şygyrlary, nusgalyk geçen ýoly bilen ýatlanylýar.

«OWAZLY ÇYNAR» ADY BILEN USSAT BAGŞY ÖDENYÝAZ NOBATOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 95 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

16.10.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen «Owazly çynar» ady bilen ussat bagşy Ödenyýaz Nobatowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan söhbetdeşlik geçirdi.

SÖZDEN MÄHIR ÝASAN ŞAHYR

Kitaphanalar

16.10.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Sözden mähir ýasan şahyr» ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

BILDIRIŞ

Teatr we kino dünýäsi

16.10.2024

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki oktýabr aýynyň 20-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary hem-de «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler.

USSAT HALYPANY ÝATLAP...

Täzelikler

15.10.2024

Magtymguly Garly dessançy bagşy hökmünde türkmen halkynyň arasynda uly meşhurlyk gazanan halypalaryň biridir. Magtymguly Garlynyň halypalyk etmeginde Ilaman Annaýew, Gurban Seýitmämmedow, Yrzaguly Ataýew, Artyk Durdyýew, ýaly mundan başgada birnäçe ussat bagşy-sazandalary ýetişdiripdir.

KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

15.10.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

KERIM GURBANNEPESOW HALKYŇ ÝÜREGINI SÖÝLÄN ŞAHYR

Kitaphanalar

15.10.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen «Halkyň ýüregini söýlän şahyr» ady bilen Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlap şygryýet agşamyny geçirdi.