HABARLAR


MÄLIKGULY BERDIMUHAMEDOW WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK NUSGASY

Kitaphanalar

12.08.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Mälikguly Berdimuhamedow watansöýüjiligiň beýik nusgasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

HALKARA FESTIWAL GEÇIRILER

Syýahatçylyk

12.08.2024

Şu ýylyň 17-31-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde nusgawy saz sungatynyň «Hazar möwsümleri» atly halkara festiwaly geçiriler.

«ŞARK TARONALARY» ATLY XIII HALKARA AÝDYM-SAZ FESTIWALY GEÇIRILER

Syýahatçylyk

12.08.2024

2024-nji ýylyň 25-30-njy awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýada we dünýäde esasy aýdym-saz çärelerinden biri bolan «Şark Taronalary» atly XIII halkara aýdym-saz festiwaly geçiriler.

«YOUNG EURO CLASSIC» ATLY HALKARA FESTIW

Syýahatçylyk

12.08.2024

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde 2024-nji ýylyň 25-nji awgustynda «Young Euro Classic» atly halkara festiwaly geçiriler. Bu festiwala ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşar. Onda türkmen milli saz gurallarymyz bolan dutar, gyjak, tüýdük ýaly gurallarda türkmeniň milli owazy häzirki zaman röwüşde ýaş sazandalar tarapyndan janlandyrylar. Şeýle-de türkmen milli kompozitorlary Nury Halmmämedow, Weli Muhadow, Durdy Nuryýewiň ajaýyp sazlary ýaňlanar.

«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ LEBAP WELAÝATY BOÝUNÇA TAPGYRY GEÇIRILDI

Syýahatçylyk

12.08.2024

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerindäki «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanan zehinli ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.

HALK TEATRLARYNYŇ BÄSLEŞIGI

Teatr we kino dünýäsi

12.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy bilen bagly çäreler giň gerimde dabaralanýar.

MERKEZI AZIÝA TELEÝAÝLYMYNY WE SEBITLEÝIN MEDIA PLATFORMASYNY DÖRETMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Syýahatçylyk

10.08.2024

8-nji awgustda Astana şäherinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we Merkezi Aziýanyň maglumat giňişligini ösdürmegiň çäginde Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň meseleleri boýunça ygtyýarly edaralaryň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň ygtyýarly guramalarynyň wekilleri we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew gatnaşdy.

BUDAPEŞTDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BADALGA ALDY

Syýahatçylyk

10.08.2024

Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti Budapeşte iberildi.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARA

Syýahatçylyk

10.08.2024

21-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynda geçiriljek «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konserti Russiýa bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky möhüm medeni köpri bolar.

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ WAJYP ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

10.08.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynda öňde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler dogrusynda hem-de halk bilen döwletiň arasyndaky sazlaşygyň esasynda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wajyp ähmiýeti barada wagyz-nesihat» söhbetdeşligi geçirildi.