HABARLAR


ÇAGALARYŇ ŞATLYGY-DÜNÝÄNIŇ ABATLYGY

Kitaphanalar

05.07.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn sümmül» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Çagalaryň şatlygy-dünýäniň abatlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

TÜRKMENISTAN DIALOG ARKALY PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK DÄPLERINI ILERLEDÝÄR

Täzelikler

05.07.2024

4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

LOWURDAP NUR SAÇ SEN ARKADAG ÝYLDYZY

Kitaphanalar

04.07.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Lowurdap nur saç sen Arkadag ýyldyzy» atly syýasy söhbetdeşlik geçirildi.

TAMDYR MUKADDESLIGI

Muzeýler

04.07.2024

Türkmen halkynyň durmuşynyň aýratynlyklarynyň biri hem mukaddes tamdyrdyr. Çuňňur keramaty özinde jemleýän tamdyr türkmen halkynyň iň bir mukaddes saýýan taryhy mirasydyr. Keramatly tamdyrda bişirilýän ýakymly ysy bilen özüne çekýän mele myssyk çörekler ony dadyp görenleriň hiç birine-de biparh goýmaýar.

KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ NUSGASY

Täzelikler

04.07.2024

Gazagystanyň paýtagtynda iri diplomatik çäre—Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammiti geçirilýär. Onuň çäklerinde guralýan «ŞHG» formatyndaky duşuşyga hem-de Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyşyna gatnaşmak maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurtda iş saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasy beýik türkmen şahyrynyň hormatyna dikeldilen heýkeliň açylyş dabarasyndan başlandy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde çuň manyly çykyş etdi.

ERTEKILER DÜNÝÄSI-JADYLY DÜNÝÄ

Kitaphanalar

04.07.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn damja» sagaldyş we dync alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsi-jadyly dünýä» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

SARPALY SUNGATYM

Muzeýler

04.07.2024

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hem yzygiderli ösdürilýär.

ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ÝAZYJYSY

Kitaphanalar

04.07.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň ýaşajyk okyjylary görnükli şahyr, ýazyjy, dramaturg Hemra Şirowyň goşgularydyr poemalaryny, hekaýalaryny, ertekileridir powestlerini höwes bilen okaýarlar. Okan kitaplarynyň arasynda has aýratyn tasir galdyran eserleri barada ýagny Hemra Şirowyň «Ýaşyl kitap» atly kitaby barada şahyr bilen söhbetdeşlik guramagy makul bildiler.

TÜRKMEN KEÇESI

Kitaphanalar

04.07.2024

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna ýaňy-ýakynda täze çapdan çykan «Türkmen keçesi» atly kitap gelip gowuşdy.

TÜRKMEN KEÇESI

Kitaphanalar

04.07.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmen keçesi» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.