HABARLAR


ARKADAG ŞÄHERINIŇ BIR ÝYLLYGY DABARALY BELLENILDI

Täzelikler

01.07.2024

29-njy iýunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl boldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler, baýramçylyk maslahaty we konserti geçirildi. «Arkadag Binasy» baýramçylyk meýdançasynda ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI

Täzelikler

01.07.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýaşlaryň eşretli we abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar.

BEHIŞDI BEDEWLER TOÝLARYŇ BEZEGI

Täzelikler

28.06.2024

Türkmenistanda sirk sungaty ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda depginli ösýän ugurlaryň birine öwrüldi.

HALKYMYZYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ, WATANYMYZYŇ ŞAN-ŞÖHRATYNYŇ BÄHBIDINE MILLI MEDENIÝETIMIZ ÖSDÜRILÝÄR

Täzelikler

28.06.2024

Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Bu çärä gabatlanyp, her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.

TÄZE DÖWRÜŇ ÖSÜŞLERI BILEN SAZLAŞYKLY GADAM URUP

Teatr we kino dünýäsi

28.06.2024

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy we «Kompozitor» atly çeper filmiň görkezilişi boldy. Türkmen kino sungatynyň şöhratly taryhynyň bardygyny bellemek gerek.

ŞAHYRYŇ ÝADYGÄRLIGINDE DÖREDIJILIK AGŞAMY

Täzelikler

28.06.2024

Baýramçylyk güni «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky türkmeniň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan döredijilik agşamy bilen tamamlandy. Bu künjek medeniýet işgärleriniň duşuşyklarynyň guralýan ýerine öwrüldi.

PYRAGYDAN YLHAM ALAN ÝAŞLAR

Täzelikler

28.06.2024

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

ARKADAG ŞÄHERI SUNGATYŇ MEKANY

Konsertler

28.06.2024

Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň tomaşa zalynda geçirildi. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti guralyp, teatryň artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen «Sungatyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk maksatnamasyny açdy.

SUNGAT DÖREDIJILIK GÖZLEGLERI BILEN BAKYDYR

Täzelikler

28.06.2024

Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda «Märkaw» myhmanhanasynda žurnalistler üçin «Magtymguly—umumadamzat şahyry» atly metbugat brifingi geçirildi. Onda türkmen şahyrynyň bimöçber döredijilik mirasyny mundan beýläk-de öwrenmek nukdaýnazaryndan häzirki wagtda amala aşyrylýan işleriň ähmiýetine üns çekildi.

MEDENIÝET–MILLETIŇ MERTEBE TUGY

Kitaphanalar

28.06.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Türkmengaz» döwlet konseriniň Medeni-işewürlik merkeziniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet–milletiň mertebe tugy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.