HABARLAR


Pyragyň arzuwlan ajap çagynda, ös sen medeniýetim, gülle sungatym

Kitaphanalar

21.06.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Pyragynyň arzuwlan ajap çagynda, ös sen medeniýetim, gülle sungatym» ady bilen aýdym–sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Ýaşlar syrly älem dünýäsinde

Kitaphanalar

21.06.2024

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet Uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Ýaşlar syrly älem dünýäsinde» atly göçme okuw sapagy geçirildi.

Türkmen medeniýeti dünýä ýol açýar

Kitaphanalar

21.06.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň «Mollamurt» adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli koserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Türkmen medeniýeti dünýä ýol açýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

SÖZSÜZ SUNGATYŇ ÖWÜŞGÜNLERI

Muzeýler

21.06.2024

«Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp üstünlikleri halkymyzyň ruhyny galkyndyryp taryhyň gatlaryna altyn setirler bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 20-sine «Abstrakt» çeperçilik akymynda ýerine ýetirilen eserlerden düzülen «Sözsüz sungatyň öwüşginleri» atly sergi guraldy.

BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

Täzelikler

21.06.2024

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi.

Medeniýet hepdeligi – ylhamyň hem dost-doganlygyň baýramy

Kitaphanalar

20.06.2024

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet hepdeligi – ylhamyň hem dost-doganlygyň baýramy» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

ÜNS BERIŇ, BILDIRIŞ!

Konsertler

20.06.2024

Mähriban ildeşler! Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlarymyz toýlara ulaşýar, dost-doganlyk, medeni gatnaşyklarymyz günsaýyn pugtalanýar we üstünlikli dowam etdirilýär.

MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR

Muzeýler

20.06.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat we sergi gurnaldy.

Şygryýet bossanynyň paýhas çemeni–Magtymguly Pyragy

Kitaphanalar

20.06.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Patent-tehniki edebiýatlar hem-de Ylmy-habar beriş we sowal-jogap bölümi bilen bilelikde «Şygryýet bossanynyň paýhas çemeni–Magtymguly Pyragy» ady bilen täze gelen kitaplara syn geçirildi.

Medeniýet - halklary ýakynlaşdyrýan gymmatlykdyr

Kitaphanalar

20.06.2024

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni» mynasybetli «Medeniýet - halklary ýakynlaşdyrýan gymmatlykdyr» ady bilen kitap sergisi gurnaldy.