HABARLAR


TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI

Täzelikler

05.06.2023

Şu ýylyň 31-nji maýy — 3-nji iýuny aralygynda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti, türkmen halkynyň taryhyna, dünýä nusgalyk däp-dessurlaryna we Garaşsyz Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Giň möçberli medeni forumyň Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramyna bagyşlanan çäreler bilen utgaşmagy Medeniýet günleriniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI GIŇDEN BELLENILDI

Täzelikler

05.06.2023

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy 3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini özünde jemledi.

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

05.06.2023

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Şatlyk joşýar göwnümizde, bu bagtyýar döwrümizde”

Kitaphanalar

02.06.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy paýtagtymyzyň Daşkent dynç alyş seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Şatlyk joşýar göwnümizde, bu bagtyýar döwrümizde” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.

TEATR USSATLARYNYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI

Teatr we kino dünýäsi

02.06.2023

Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda dünýä döwletleri, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleri bilen diňe bir ykdysady ulgamlary bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyklar üstünlikli ýola goýulýar.

Dehistandaky gadymy myhmanhana

Taryhy ýadygärlikler

02.06.2023

Orta asyr Dehistan ýurdunyň merkezi Missirian şäheri Merkezi Aziýanyň, Eýranyň, arap ýurtlarynyň şäherleri bilen birlikde kerwen ýollarynda möhüm nokatlaryň biri hasaplanypdyr. Sebäbi bu kenarýaka sähralyk ýurt gury ýerden we suw üstünden geçen söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir.

«MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ» festiwalyň Mary welaýat tapgyry geçirildi

Medeni miras

02.06.2023

Halkymyz özüniň beýik ogly, akyldar şahyry Magtymguly Pyraga çäksiz hormat goýýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary özüniň çeperçilik kuwwaty, many çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuny, umumadamzat ähmiýeti bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orun eýeleýär.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Diýara ýaň salýar çaga gülküsi» atly sergi

Muzeýler

02.06.2023

Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara, baýramçylyk, konsertler, bäsleşikler hem gurnalyp çagalaryň wagtyny şatlyk-şowhun bilen bellemekleri üçin taýýarlyklar görülýär.

DÖWLETLILER KÖŞGÜNDÄKI ÇAGALARA BAÝRAMÇYLYK SOWGATLARY GOWŞURYLDY

Täzelikler

02.06.2023

1-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi.

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ÝHHG-niň BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

02.06.2023

1-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy.