HABARLAR


«Dal bedew jul içinde» atly söhbetdeşlik»

Muzeýler

15.04.2023

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda türkmen bedew baýramy mynasybetli «Dal bedew jul içinde» ady bilen zenanlaryň el işlerinde we çeperçilik sungatyndaky beýanynyň waspy atly söhbetdeşlik geçirildi.

ENÄ TAGZYM — MUKADDESLIGE TAGZYM

Täzelikler

15.04.2023

14-nji aprelda paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.

«Bedew at – halkyň myrady»

Muzeýler

15.04.2023

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmen döwlet maliýe instituty bilen bilelikde «Bedew at – halkyň myrady» atly duşuşyk maslahatyny gurnady. Maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Muzeýe gezelenç

Muzeýler

15.04.2023

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli muzeý ekspozisiýasynda gezelenç etdiler.

Saz älemindäki ylmy ösüşler

Täzelikler

15.04.2023

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Aspirantura bölüminiň guramagynda “Saz älemindäki ylmy ösüşler” atly aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň okuw - usuly maslahaty geçirildi.

TÜRKMEN AÝDYM-SAZ SUNGATYNDA BEDEW ATYŇ TARYPY

Täzelikler

15.04.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň «Galkynyşy» döwründe Hormatly Prezidentimiziň başlangyç tagallalary bilen ýurdumyz bedew bady deýin günsaýyn ösyär, özgerýär.

“Magtymguly köňülleriň şahyry”

Kitaphanalar

15.04.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly köňülleriň şahyry” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

“Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň öçmejek nury”

Kitaphanalar

15.04.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň öçmejek nury” ady bilen göçme sergi gurnaldy we sergä syn berildi.

“Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr”

Kitaphanalar

15.04.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Neşirýat çaphana orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

“Sagdyn nesil-bagtyýar geljek”

Kitaphanalar

15.04.2023

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Sagdyn nesil-bagtyýar geljek” ady bilen lukman bilen duşuşyk geçirildi.