WATANYMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖŇDEBARYJYLARYNA DÖWLET SYLAGLARY
24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öň¬debaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna döwlet sylaglaryny hem-de hormatly atlary dakmak baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy.