HABARLAR


“Garaşsyzlyk-ganatym” atly çeper okaýyşly bäsleşik

Kitaphanalar

20.09.2022

Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde baş baýramçylygymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygyna bagyşlap “Garaşsyzlyk-ganatym” atly çeper okaýyşly bäsleşigini geçirdi.

“Garaşsyzlygymyz -bitewiligimiziň mizemez binýady”

Kitaphanalar

20.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda “Garaşsyzlygymyz- bitewiligimiziň mizemez binýady” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

“Türkmen ili toý toýlaýar Garaşsyzlyk şanyna”

Kitaphanalar

20.09.2022

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Türkmen ili toý-toýlaýar Garaşsyzlyk şanyna” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

20.09.2022

19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler we sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy.

“Beýik Garaşsyzlygymyzyň batly gadamlary”

Kitaphanalar

19.09.2022

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 29-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Beýik Garaşsyzlygymyzyň batly gadamlary” ady bilen edebi-sazly agşam geçirildi.

“Garaşsyzlyk - bagtymyzyň gözbaşy”

Kitaphanalar

19.09.2022

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 80-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk - bagtymyzyň gözbaşy” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

“Watanym – bagtym, Garaşsyzlyk - ganatym”

Kitaphanalar

19.09.2022

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Büzmeýin etrap medeniýet öýleri bilen Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Watanym – bagtym, Garaşsyzlyk - ganatym” ady bilen edebi-sazly çäre geçirildi.

“Garaşsyzlyk – baky bagtyň şuglasy”

Kitaphanalar

19.09.2022

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat medeni dynç alyş merkezinde “Garaşsyzlyk – baky bagtyň şuglasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Aşgabatda halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi

Täzelikler

19.09.2022

17-nji sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

HALKYŇ RUHUBELENTLIGI HEM-DE DÖREDIJILIK YLHAMY — WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGY

Täzelikler

19.09.2022

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, seýisleriň, çapyksuwarlaryň zähmet we dynç alyş şertleri bilen tanyşdy.