Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde gurnalan medeni çäreleriniň sergisi
Muzeýler
06.04.2022Türkmenistany we Hindistany gadymdan gelýän taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde iki döwletiň arasynda ähli pudaklarda, şol sanda medeniýet ulgamynda hem dostlukly aragatnaşyk has-da ösdürilýär. Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind 2022-nji ýylyň 1-4-nji apreli aralygynda Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrdy.