Medeniýet halkyň ruhy baýlygy
Muzeýler
20.06.2024Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Türkmen nusgawy poeziýasynyň, edebiýatynyň we edebi türkmen diliniň düýbüni tutujy, Magtymguly Pyragynyň şygryýetine, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan işlerine uly hormat goýulýar.