HABARLAR


Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy» atly sergi gurnaldy

Muzeýler

06.12.2023

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy» atly sergi gurnaldy.

Aşgabatda «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly sergi geçiriler

Muzeýler

30.11.2023

Şu ýylyň 15 — 17-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly sergi geçirilýär.

Aşgabatda balkanly suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy

Muzeýler

28.11.2023

Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Balkan welaýatynyň suratkeşleriniň toparlaýyn sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

«Garaşsyz diýarda milli-mirasymyň hormaty» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Muzeýler

26.11.2023

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň guramagynda «Garaşsyz diýarda milli-mirasymyň hormaty» atly aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Aşgabatda Balkan welaýatynyň sungat ussatlarynyň köpçülikleýin sergisi geçiriler

Muzeýler

25.11.2023

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Balkan welaýatynyň sungat ussatlarynyň köpçülikleýin sergisi açylar. Sergide suratkeşleriň 300-e golaý täze eseri bolar.

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi

Muzeýler

24.11.2023

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary bilen bilelikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

«Arkadag şäheri - ekologiýa abadançylygynyň şäheri» atly sergi geçirildi

Muzeýler

23.11.2023

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylygynyň şäheri» atly sergi gurnaldy.

«Halkyň hakydasyna siňen millilik» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

Muzeýler

23.11.2023

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň merkezi geňeşiniň Arkadag şäheriniň zenanlar bölüminiň, Türkmenistanyň Demoktratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde «Halkyň hakydasyna siňen millilik» atly mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda türkmen gyz-gelinleriniň nepis el işleri barada söhbetdeşlik duşuşygy we aýdym-sazly dabara geçirildi.

Aşgabatda «Reňkler döwürleriň dessany» atly sergi gurnaldy

Muzeýler

22.11.2023

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Reňkler döwürleriň dessany» atly sergi gurnaldy. Sergide geçen asyra degişli muzeýiň ýiti öwüşginli, naýbaşy nakgaş eserleri ilkinji gezek görkezilýär.

Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň açylanyna 25 ýyl boldy

Muzeýler

22.11.2023

1998-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi açyldy. Ol öňden işleýän iki muzeýiň - Türkmenistanyň milli taryhy we etnografiýasy, şeýle hem Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýleriniň birleşmegi netijesinde emele geldi.