Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmen keşdeçilik sungaty – milli mirasymyz” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi we onuň çäginde sergi gurnaldy
Muzeýler
06.06.2022Halkymyzyň taryhy – medeni mirasyny gorap saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşmakda türkmen halkynyň gadymy senetleriniň biri hasaplanýan milli keşdeçilik sungaty aýratyn orun eýeleýär.