Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigi


Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň



DÜZGÜNNAMASY



Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda çykaran Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan geçirilýär. Bäsleşik Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşige Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgular, makalalar, hekaýalar, pýessalar, wideogörnüşler, dokumental we çeper publisistik filmler, aýdym-sazlar, heýkel, keramika, nakgaş, grafika we halyçylyk eserleri, gazet-žurnallaryň, kitaplaryň dizaýn-bezeg işleri hödürlenip bilner.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýaşy 16–35 ýaş aralygynda bolmaly. Bäsleşige hormatly atlara mynasyp bolan, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginde ozal ýeňiji bolan ýaşlar gatnaşdyrylmaýar.

Bäsleşige hödürlenilýän goşgularda, makalalarda, hekaýalarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, dünýä ýüzünde hormat-sarpasyny belende götermek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler, Magtymgulynyň Pyragynyň paýhasly döredijilik dünýäsi çeper beýan edilmelidir.

Bäsleşige gatnaşyjy ýaş şahyrlaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde duş gelýän aýdyşyk, kasyda, murapbag, muhammes, müseddes, musabba, nezire ýaly görnüşleriniň ählisinde ýazan eserleriniň bolmagy hökmanydyr. Bäsleşige hödürlenýän eserler öň metbugatda çap edilmedik bolmaly. Bäsleşige hödürlenýän edebi eserleri 4 nusgada çap edilen we elektron görnüşde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige» diýen ýazgy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölümine ibermeli. Salgysy: 744000, Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy. Tel. 44-00-71, 44-00-77, email: doredijilikmedeniyet@sanly.tm

Heýkel, keramika, nakgaş, grafika eserlerinde, haly we halyçylyk önümlerinde gazet-žurnallaryň, kitaplaryň dizaýn-bezeg işlerinde akyldar şahyryň paýhas dünýäsi özboluşly açylyp görkezilmeli. Bu sungat eserlerinde dana Pyragynyň nurana keşbine, döredijiligine we edebi mirasyna mahsus aýratynlyklar çeper şekillendirilmeli.

Bäsleşige hödürlenýän heýkel, keramika, nakgaş, grafika eserlerini, haly we halyçylyk önümlerini, gazet-žurnallaryň, kitaplaryň bezeg-dizaýn işlerini Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna tabşyrmaly. Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2022-nji (A.Nowaýy) köçesiniň 90-njy jaýy. Tel: 92-72-17.

Magtymguly Pyraga bagyşlanan pýessalarda, wideogörnüşlerde, dokumental we çeper publisistik filmlerde akyldar şahyryň baý many-mazmunly döredijiligi giň we düşnükli açylyp görkezilmeli. Bäsleşige hödürlenýän pýessalary, wideogörnüşleri, dokumental we çeper publisistik filmleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölümine ibermeli. Salgysy: 744000, Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy. Tel. 44-00-60, 44-00-55.

Bäsleşige aýdym-saz eserini döretmekde tejribesi bar bolan ýaş we höwesjeň kompozitorlar hem-de aýdymçylar gatnaşyp bilerler. Bäsleşige hödürlenilýän eserler ozal ýerine ýetirilmedik, täze eser bolmalydyr.

Bäsleşige aýdym-saz eserleri şu aşakdaky ugurlar boýunça hödürlenilýär:

- Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna hem-de akyldar şahyra bagyşlanan goşgy setirlerine estrada, wokal žanrynda (aýdym, romans, hor eseri) hem-de milli saz gurallarynyň (dutar, gyjak, gargy tüýdük) sazandarlyk etmeginde eser döretmek;

- Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerine terjime edilen şygyrlaryna estrada we wokal žanrynda eser döretmek (aýdym, estrada aýdymy, romans);

- Magtymguly Pyragy hakynda we onuň sözlerine döredilen aýdymlary iň gowy ýerine ýetiriji.

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýazgylaryny (audio, wideo), hödürleýän eserleri baradaky maglumatlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Saz edaralary we halk döredijiligi bölümine ibermeli. Salgysy: 744000, Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy. Tel. 44-00-11,44-00-99.

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri we 3x4 ölçegdäki fotosuraty). Eserler 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň jemleri 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýragy we altyn zynjyry bilen sylaglanarlar.