Allanazar GURBANOW (1905–1980)
Allanazar Gurbanow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 1905-nji ýylyň ýanwar aýynyň 12-sinde eneden dogulýar.Ol teatr režissýory. Türkmenistanyň at gazanan artisti.
1929-njy ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň studiýasyny gutarýar. 1931-nji ýylda Baku şäherindäki (Azerbaýjan Respublikasy) teatr tehnikumynyň režissýorlyk bölümini tamamlady.
Allanazar Gurbanow Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işleýär. Teatrda milli kadrlardan režissýorlary taýýarlamak maksady bilen A.Gurbanowyň ýolbaşçylygynda režissýorlary taýýarlaýan topar döredilýär. Režissýorlyk tälimini öz talyplaryna öwredýär. A.Gurbanow ilkinji gezek Türkmen döwlet teatrynda «Artykgül» atly sahna eserini sahnalaşdyrýar. Bu sahna eseriniň sahnada goýulmagy teatra uly abraý getirýär. Zehinli režissýor diňe bir oýun goýmak bilen çäklenmän, ýeri gelende spektakllarda-da çykyş edýär. Ol G.Mdiwaniniň «Namys» atly oýnunda galtamanlaryň serdarynyň, A.Garlyýewiň «16-njy ýyl» oýnunda Morozowyň ajaýyp keşplerini döredýär. A.Gurbanow türkmen režissýorlarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolmak bilen birlikde, ol ökde terjimeçileriň hem biridir. Onuň azerbaýjan dilinden terjime eden «Ynsan», «Şirin-Perhat», tatarçadan «Ýalta Bekmuhammet», özbekçeden «Muhabbet» ýaly terjimeleri ýurdumyzyň teatrlarynda goýuldy.
A.Gurbanow 1943–1945-nji ýyllarda Kakanyň döwlet teatrynda işledi. Işlän döwründe Aman Kekilowyň «Biz garry däl», Hoja Şükürowyň «Horezm» sahna eserlerini üstünlikli sahnalaşdyrdy. Ol Türkmenfilm kinobirleşiginiň dublýaž bölüminde, ozalky Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda işledi.