BAZAR ŞALYÝEW
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Bazar Şalyýew 1951-nji ýylyň 18-nji maýynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda dogulýar. Bazar Şalyýew etrabyň 5-nji orta mekdebinde orta bilim alanyndan soň 1967-1969-njy ýyllarda Mekan obasynyň radioaragatnaşyk ulgamynda diktor bolup zähmet çekýär. Şahyr 1969-1974-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümini okap, ýokary bilim alýar. Soňra 1974-1976-njy ýyllarda häzirki “Ahal durmuşy” gazetiniň habarçysy, 1976-1977-nji ýyllarda häzirki “Türkmen gündogary” gazetiniň jogapkär kätibi bolup işleýär. Bazar Şalyýew 1977-1982-nji ýyllarda Hojambaz etrabynda dürli kärlerde, 1982-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli, ýagny, hormatly dynç alyşa çykýança etrabyň 5-nji orta mekdebinde mugallym, mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary bolup zähmet çekýär.
Çeper döredijilik bilen ýaşlykdan gyzyklanyp gelýän şahyryň “Kepderi” atly ilkinji goşgusy ol heniz 10-njy synpda okaýarka “Mydam taýýar” (1966) gazetinde çap edilýär. Bazar Şalyýewiň goşgulary ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda ýygy-ýygydan çap edilýär we ol goşgulary bilen türkmen teleradioýaýlymlarynda yzygiderli çykyş edýär. Şahyryň “Ynam” (2018), “Hasyl” (2019), “Rubagylar” (2021), “Älemgoşar” (2022) atly kitaplary, şonuň ýaly-da, onuň gaýynatasy, merhum magtymgulyşynas, ömrüni şöhlelendirýän döredijiligini Magtymguly Pyragynyň we nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň syrly setirlerini setirler bilen aýan etmeklige bagyşlan, halk arasynda Annadurdy molla-şahyr ady bilen tanalýan Annadurdy Eýeberenowyň “Syrly setirleriň çözgütleri” (2024) atly kitaby hem hut B.Şalyýewiň çapa taýýarlamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip okyjylara ýetirildi. B.Şalyýewiň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgulary “Magtymgula tagzym” (2023) atly döwürdeş şahyrlaryň goşgular ýygyndysyna girizildi.
Halypa şahyr Bazar Şalyýewiň dürli ýyllarda neşir edilip okyjylara ýetirilen kitaplary barada şu aşakdakylary belläp bolar.

Bazar Şalyýewiň 2018-nji ýylda neşir edilen, dört bölümden ybarat bolan “Ynam” atly kitabynyň “Bagtyýar mekan” atly birinji bölüminde şahyryň bizi ösüşiň belent sepgitlerine ýetiren Gahryman Arkadagymyz, Watanymyz, bagtyýar döwrümiz, agzybir il-halkymyz baradaky joşgunly goşgulary ýerleşdirilen.
“Älemgoşar” atly ikinji bölüminde ýerleşdirilen şahyryň dürli temalarda ýazan şygyrlarynda durmuşyň dürli öwüşginleri setirlere seplenip, şygyrlara jemlenip, täsin bir gözelligi emele getirýär.
“Jahan” atly üçünji bölümde şahyryň çagalar hakda döreden goşgulary, tapmaçalary çagalar üçin ýazylandygyna garamazdan ulular üçinem, ene-atalar, terbiýeçiler, mugallymlar üçin hem örän gyzyklydyr we ähmiýetlidir.
Kitabyň “Rubagylar” atly dördünji bölüminde adyndan belli bolşy ýaly baý durmuş tejribesine eýe bolan şahyryň manysyny, maksadyny bary ýogy dört setirde beýan edip ýaş nesillere we il güne aýdyp biljek dürli temadaky rubagylary ýerleşdirilen.

Şahyr Bazar Şalyýewiň 2019-njy ýylda neşir edilip okyjylara ýetirilen “Hasyl” atly bäş bölümden ybarat goşgular ýygyndysy hem şahyryň döredijilik älemindäki dowamly zähmetleriniň hasylydyr.
Kitabyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip atlandydylan birinji bölüminde il-halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyşy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyz, Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyz baradaky şygyrlar ýerleşdirilen.
“Çemen” diýlip atlandyrylan ikinji bölümdäki dürli tamalarda ýazylan şygyrlar, dürli güllerden boglan çemeniň hyrydarly bolşy ýaly özüniň ýazylyşy, mazmun aýratynlygy, durmuşyň dürli ugurlaryny açyp görkezýändigi bilen özüne çekýär.
Üçünji bölüm “Nowça” diýlip atlandyrylýar. Bu bölümde bagtyýar geljegimiz bolan her güni şatlyk-şowhundan doly şadyýan çagalaryň durmuşyna degişli gyzykly şygyrlara, olaryň dünýägaraýşyny ösdürmek maksadynda ýazylan tapmaçalara orun berlipdir. Ondaky tapmaçalar diňe çagalaryň däl, ulularyň hem bilesigelijiligini artdyrýar. Çaga dünýäsiniň täsinlikleri, olaryň tebigata gatnaşyklary bilen tanyşdyrýar.
“Rubagylar” diýlip atlandyrylan dördünji bölümde şahyryň durmuş tejribeliliginden, synçylygyndan dörän dört setirde çuň hem giň many bermäge esaslanýan, many öwrümleri, garaşylmaýan çözgütleri berýän netijeler bilen soňlanýan rubagylar ýerleşdirilen.
Soňky “Üçlemeler” atly bölümde ýerleşdirilen, poeziýada seýrek gabat gelýän, aýratyn zehini we ukyby talap edýän üçlemeleri okap şahyryň şygyr düzülişiniň bu görnüşine birkemsiz erk edýän ussatdygyna göz ýetirýäris.

2021-nji ýylda Bazar Şalyýewiň alty ýüzden gowrak rubagyny özünde jemleýän “Rubagylar” atly kitaby neşir edilip okyjylara ýetirildi. Şahyryň jenneti Diýarymyzyň bagtyýarlyk döwrüniň waspyny ýetiýän, şonuň ýaly-da, dürli temada duş gelýän durmuş synaglary hakynda, ýaşlary kämillik ýolunda terbiýelemekde, olary maksada gönükdirmekde gojalaryň halallyk, arassa ahlak, belent adamkärçilik babatda paýhas eleginden geçen öwüt-ündewlerini açyp görkezýän bu çeper rubagylarda şahyryň tebigata, adam häsiýetlerine, umuman, durmuşyň ähli ugurlaryna synçylygyny aýdyň görýäris. Bu rubagylar barada şahyryň:
Öwüt-ündewsiňiz, aň-paýhassyňyz,
Pederleň pendini öwredýärsiňiz.
Az sözde kän many aňladyp bilýän,
Rubagylar, dana gojalarmy siz?!–
diýýän biygtyýar ýadyňa düşýän setirlerinden çen tutup, şahyryň rubagylara bolan garaýşynyň aýratyndygyny duýmak bolýar. Aýratyn belläp geçsek, bary ýogy dört setirde oý-pikiriňi jemläp, maksadyňy aýan etmekde çeper döredijilikde ussatlygy talap edýän dürli temadaky başgada ýüzlerçe rubagylaryň şahyryň bu ýygyndydan öňki “Ynam”, “Hasyl” atly dürli ýyllarda neşir edilip okyjylara ýetirilen ýygyndylarynda hem öz mynasyp ornuny tapypdy.

Şahyryň döredijiliginde aýratyn orun tutýan çagalaryň dünýäsine bagyşlanyp ýazylan dürli temadaky goşgulary, aýdymlary, tapmaçalary, sanly tapmaçalary özünde jemleýän “Älemgoşar” atly suratly kitaby 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bilen şahyr Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldy. Şonuň ýaly-da bir ýüz elliden gowrak çagalara degişli goşgyny, iki ýüze golaý dürli temadaky tapmaçalary özünde jemleýän bu kitap häzirkizaman türkmen çagalar edebiýatyna aýratyn öwüşginli goşant boldy.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda ömrüni söhlelendirýän döredijiligini Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy edebiýatymyzyň ussatlarynyň çözgüt talap edýän syrly setirleriniň ylmy çözgüdini goşgy setirleri bilen aýan etmeklige bagyşlan, bakyýete göç edenine ýigrimi ýyla basalykly wagtyň geçendigine seretmezden okyjylarynda yakymly täsirleri galdyran, meşhur magtymgulyşynas, halk arasynda Annadurdy molla-şahyr ady bilen tanalýan, has takygy, B.Şalyýewiň gaýynatasy Annadurdy Eýeberenowyň döredijiligindäki okyjylara ýetirilen we heniz ýetirilmedik eserleri özünde jemleýän, ussat magtymgulyşynas halypanyň edebi mirasynyň hormatyna neşir edilen “Syrly setirleriň çözgütleri” (2024) atly kitap hem, dowamly ýyllar ýurdumyzyň dürli ýerlerinde bolup, Annadurdy molla-şahyry tanaýan, onuň bilen söhbetdeş bolan, işleşen raýatlarymyzdan ol baradaky ýatlamalary ýygnan hut B.Şalyýewiň çapa taýýarlamagynda neşir edilip giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Bazar Şalyýewiň kitaplary Arkadag şäherindäki, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerindäki, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň paýtagtymyzda ýerleşýän muzeýlerindäki we welaýatlardaky ülkäni öwreniş muzeýlerindäki, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerindäki, çagalar sungat mekdeplerindäki kitaphanalarda ýerleşdirildi. Şonuň ýaly-da, şahyryň dürli internet platformalarynyň sahypalarynda ýerleşdirilen goşgulary, okyjylar tarapyndan uly isleg bildirilip okalýan eserleriň hatarynda tanalýar.
Bazar Şalyýewiň “Meniň Watanym”, “Parla Baýdagym!”, “Türkmeniň”, “Pyragynyň şygyrlary”, “Ýaşyl tugum”, “Aşgabat”, “Men Watan aşygy, men Watan ogly”, “Gördüm”, “Arkadagyň nesli biz”, “Akyllyja Akja men”, “Aýdym aýdýaryn”, “Gurjak”, “Ekizler” ýaly jemi 20-den gowrak dürli mowzukda ýazan goşgularyna sazlar döredildi. Şahyryň “Meniň Watanym” atly goşgusyna adybir döredilen aýdym Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Öwezmämmedowanyň, “Pyragynyň şygyrlary”, “Gördüm” ýaly goşgularyna döredilen aýdymlar bolsa meşhur aýdymçymyz Mährem Jumaýewiň ýerine ýetirmeginde türkmen teleradioýaýlymlarynda yzygiderli ýaýlyma berilýär. “Owaz” radioýaýlymynyň taýýarlamagynda ýaýlyma berilýän “Ýaşlygymyň bahary” atly radiogepleşiginiň bir sany B.Şalyýewiň döredijiligine bagyşlanyp radiodiňleýjilere ýetirildi.
Döwrümiziň waspçysy bolan halypa şahyr Bazar Şalyýew ýurdumyzda gurnalýan döredijilik bäsleşiklerine öz döwrebap eserleri bilen yzygiderli gatnaşýar we ol “Garaşsyzlyk – göwünleriň ganaty”, “Joşguna beslenýär Bitarap Watan” atly bäsleşiklerinde, şeýle hem, “Türkmen gündogary” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan yglan edilen onlarça welaýat bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Häzirki wagtda şahyr B.Şalyýewiň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda gahrymançylyk görkezip zähmet çeken, çeken zähmeti üçin “Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranynyň” şahadatnamasy berlen, urşa giden doganynyň gelerine garaşjakdygy barada eden kasamyna ygrarly bolup, doganynyň hatyrasyny saklap segsen ýedi ýaşda dünýeden geçen türkmen gyzynyň gahrymançylykly ömür ýoly barada, bolan waka esasynda ýazan “Gyz kasamy” atly poemasy 09.05.2024-nji ýylda “Owaz” radiýaýlymynda radiodiňleýjilere ýetirildi. Bu poema köpsanly kinogoýujylaryň, senaristleriň ünsüni özüne çekip olarda uly gyzyklanma döredýär. Bu eserden halkymyzyň kalbynda müdimilik orun aljak kinofilmiň döredilmegine bolsa uly umyt bilen garaşýarys, elbetde, bu işler geljegiň işi...
Bazar Şalyýewiň türkmen edebiýatynyň döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge goşan mynasyp goşantlary we köp ýyllyk çeken zähmeti nazara alnyp 2018-nji ýylda ol “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandy we şol ýyl oňa “Zähmet wetaranynyň” şahadatnamasy gowşuryldy.
2023-nji ýyl şahyr Bazar Şalyýewiň durmuşynda aýratyn ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde B.Şalyýew goşa Şa serpaýyna mynasyp boldy. Ýagny oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly at dakyldy, şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bilen oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň 15-16-njy maýy aralygynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryndan, medeniýet we sungat, ylym-bilim işgärlerinden, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden düzülen wekiliýetiň gatnaşmagynda Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň baky aram tapan ýeri bolan Eýran Yslam Respublikasynyň Gülistan welaýatynyň Aktokaý obasynda geçirilen dabaralara B.Şalyýew hem gatnaşdy.
2024-nji ýylda şahyr Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň yglan eden “Ýylyň göreldeli wagyzçysy” atly bäsleşikde 1-nji orna mynasyp bolup komitetiň “Hormat hatyna” mynasyp boldy.
Dowamly ýyllar Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden birnäçe goşgulary, dana şahyryň döredijiligindäki aýratynlyklar barada mekdep mugallymlaryna gollanma hökmünde metbugatda çap edilen makalalary, türkmen teleradioýaýlymlarynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi barada eden çykyşlary, gatnaşan söhbetdeşlikleri, şeýle hem, merhum magtymgulyşynas Annadurdy molla-şahyr Eýeberenowyň neşir edilen “Syrly setirleriň çözgütleri” (2024) atly kitabyny çapa taýýarlandygy nazara alnyp B.Şalyýew 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Döwrümize guwanyp, buýsanyp, ençeme ilhalar eserleri döredip ýören Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Bazar Şalyýewe hemişe döredijilik üstünliklerini, maşgala abadançylygyny, uzak ömür arzuw edýäris.