GÜÝZ


GÜÝZ



Oýanypdyr seniň salkyn şemalyň,
Seýl edip ýör bu gün töwerek-daşyn.
Maýyl boldy ysgap, baglaň jemalyn,
Sypady olaryň saralan başyn.
***
Gaýyp düşse sary ýapraklar ýere,
Kalbymda heýjanym nobatsyz bolar.
Şol gözel pursatda dynç berip sere,
Tebigatam seniň mukamyň çalar.
***
Gelişýär özüňe seniň öz bolşuň,
Özboluşly joşýar sende hereket.
Rysgal tonnalaryn seň alyp gelşiň,
Ýaşaýyşa senden goşant, bereket.
***
Ýene saňa dolandym öňki ýaly,
Senem öz ornuňda dolandyň maňa.
Öňki ýaly bagda ýapraklar sary,
Salkynlyk çaýdyň sen agşama, daňa.
***
Meniň söýüşim deý seni söýen köp,
Sen hakda köp ýazdy ol Gurbannazar.
Seni taryp eden eserler gat-gat,
Ýene ençe şahyr sen hakda ýazar.
***
Saryýagyz, salkyn gujagyň saýlap,
Seni söýdüm, göýä sen bir sada gyz.
Käte ýylgyrýarsyň gözňe ýaş aýlap,
«Altyn» adyn alan eý, sypaýy güýz!
***


Allaberdi BEGMYRADOW