Uly Gyzgalanyň gurlan senesini anyklamak meselesinde möhüm maglumatlar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň taryhda gazanan ajaýyp üstünlikleriniň we ýeten belent derejeleriniň aýdyň şaýady bolup durýan taryhy we medeni ýadygärliklerimizi halkara derejesinde öwrenmek, wagyz etmek, geljekki nesillere abat ýagdaýda ýetirmek üçin diýseň uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde kabul edilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylan işleri görkezmek bolar.
Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda, gadymy Merwiň çäklerinde saklanyp galan köp sanly taryhy we medeni ýadygärlikler bilen bir hatarda ylymda we halk arasynda Uly Gyzgala ady bilen belli bolan taryhy medeni ýadygärliginde alnyp barylan işler, gazanylan üstünlikler, ýetilen derejeler aýratyn bellärliklidir.
Belli bolşy ýaly, Uly Gyzgala ýadygärliginiň gurlan anyk senesini anyklamak, taryhy ähmiýetini ýüze çykarmak, binagärlik aýratynlygyny öwrenmek, kesgitli bir netije gelmek bilen bagly ylmy çekeleşmeler baryp, geçen asyryň başlarynda ör boýuna galypdy. XX asyrda ylmy barlaglary alyp baran, alymlaryň dürli delilnamalaryna esaslanýan ylmy çaklamalara görä, bu köşküň binagärlik gurluşygy VI asyrdan başlap, tä, XII asyrlara çenli bolan uzak döwri öz içine alypdyr.
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň we onuň “Gadymy Merw″ taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň düzüminde zähmet çekýän binagär we arheolog alymlarynyň, hünärmenleriniň bilelikde alyp baran işleri netijesinde Uly Gyzgalada geçirilen yzygiderli gözleg we berkidiş-konserwasiýa işleriniň dowamynda köşküň gurlan wagty bilen baglanyşykly birnäçe möhüm maglumatlar toplandy.
2012-2018-nji ýyllarda geçirilen halkara taslamasynyň çäklerinde ýadygärlikde alnyp barlan ylmy-öwreniş we berkidiş-konserwasiýa işleriniň netijesinde gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy. Türkmen alymlarynyň tagallasy we zähmeti netijesinde ymaratyň içki meýdançasyndan we diwaryň daş-töwereginden örän köp sanly mis teňňeleriniň tapylandygy geçen asyryň başlarynda, ör boýuna galan ylmy çekişmeleriň ahyrky netijesini görkezdi. Toplanan teňňeleriň ählisiniň diýen ýaly VIII-IX asyrlarda zikgelenip, apbasylar hökümdarlaryna degişli bolmagy Uly Gyzgalanyň gurlan takyk döwrüniň IX asyra degişlidigini kesgitlemäge uly mümkinçilik berdi.
2018-nji ýylda ýadygärligiň gündogar tarapyndaky platformanyň örümlerindäki kerpijiň düzüminden saklanyp galan, ýene-de, apbasy halyfy Al-Ma′munyň ady bilen 819-njy ýylda (hijri ýyl hasabynda 204-nji ýylda) Nişapurda zikgelenen teňňäniň ýüze çykmagy çaklamanyň hakykata golaý gelýändigini
ýene-de tassyklady.
Gadymy Merwiň çägindäki gasynly köşk-ymaratlarda alnyp barylan işler, gazanylan üstünlikler bilen bagly M.Mamedowyň we R.Jepbarowyň awtorlygynda 2020-nji ýylda çapdan çykan Uly Gyzgala ady bilen görkezilen kitapda hem örän giňişleýin bellenilip geçilýär.