Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr


Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň hem-de Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň çagalara döredýän şertlerinden peýdalanyp, çagalaryň tomus möwsüminde medeniýetli dynç almagy üçin Bagtyýarlyk medeniýet öýünde “Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr” ady bilen aýdym-sazly, medeni köpçülik çäresi geçirildi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar ýaş nesilleri hem-de halkymyzyň abadançylygy üçin edýän aladalary hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejeleri, ösüşli menzilleri barada, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykýan kitaplary we halkymyzyň durmuşynda yz goýan şahsyýetleriň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň nusgalyk ykballary baradaky edebiýatlary hem-de ata Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän eserlerini okamak bilen ýaş nesillerimize durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaga çalyşmalydygy barada täsirli gürrüň edildi.
Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar sungat mekdebiniň “Dutarçylar” toparynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bolsa, çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.