Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan


Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby esasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby 12 bölümden ybarat bolup, onda ýaşaýşyň gözelligi, ylymyň-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, myhmansöýerligi, dost-doganlyk gatnaşyklary we agzybirlik barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Şeýle-de, bu kitapda Watan barada wesýetler, tymsallar, rowaýatlar, nakyllar, atalar sözüniň barlygy, bu bolsa, ýaş nesle durmuşda ugur görkeziji nusgalyk mekdepdigini, kitapda ýaşlarda özbaşdaklyk endiklerini kemala getirmegiň, mekdep ýyllaryndan hünärlere ugrukdyrmagyň zerurdygyny, şeýle hem terbiýe meselesinde gymmatly çeşme bolan bu eser ýaş nesliň sowatlylygyny, düşünjelerini artdyrmakda, pederlerimiziň durmuş endiklerini sapak edinmekde, milli ýörelge arkaly menzil geçmekde ýol görkezijidigi barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserleri, çeper eserler we ertekiler esasynda göçme kitap sergisi gurnaldy we tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.