Köneürgenç “Kerwensaraýynyň” peşdagy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda döwletimiziň halkara abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän taryhy döwründe, köp müňýyllyklara utgaşyp gidýän taryhymyzyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy we medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak, düýpli öwrenmek, halkara derejesinde wagyz etmek, olary geljekki nesillerimize asyl durkunda ýetirmekde döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde 2017-nji ýylda kabul edilen: “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy” kabul edilipdi. Şol maksatnamanyň çäklerinde hem gadymy Köneürgenjiň ajaýyp ýadygärlikleriniň biri bolan “Kerwensaraýyň” çäklerinde gazuw-agtaryş, rejeleýiş-dikeldiş işleri alnyp baryldy.
XX asyryň başlarynda gadymy Könürgenç topragyndaky ýadygärliklerini öwrenen alym, professor A.Ýakubowskiý, orta asyrlardan saklanyp galan ajaýyp binanyň galyndysyny “mümkin orta asyrlardan galan haýsydyr bir kerwensaraýyň galyndysydyr” diýen çaklamasy geçen asyryň ylmynda berk ornaşypdyr. Emma professor A.Ýakubowskiniň özi we meşhur akademik S.Tolstow we beýleki alymlar bu binanyň gurluş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, soňra onuň kerwensaraý adyny goşa dyrnagyň içinde ulanyp başlapdyrlar. Netijede, orta asyryň bu gözel ymaratyň gurlan senesini, taryhy gymmatlygyny, binagärlik aýratynlyklaryny öwrenmek, ýüze çykarmak we ylmy esasda anyklamak maksady bilen Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek
hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň we onuň düzüminde hereket edýän “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň alymlarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda birnäçe ýylyň dowamynda ýadygärlikde ylmy-barlag işlerini alyp bardylar.
“Kerwensaraýda” gazuw-agtaryş, ylmy barlag işlerini alyp barmak, taryh ylymlarynyň kandidaty, belli arheolog E.Myradowa ynanylypdy. Onuň ýolbaşçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş, ylmy barlag işler, esasan, hem “Kerwensaraýyň” günorta-günbatar çäklerinde alnyp barylypdy. Bu işleriň öňde goýan esasy maksady Kerwensaraýyň diwarlaryny ýüze çykarmak, onuň aşaky gatlagyny (poluny) öwrenmek we şol ýerden tapylan tapyndylar esasynda binanyň haýsy döwre degişlidigini anyklamak, jemgyýetçilik gatnaşygyny kesgitlemekden ybaratdy.
Geçirilen arheologiki barlaglaryň netijesinde, birnäçe otaglaryň galyndysy, boýy 1,5 m ýetýän sütünli girelgäniň we aşagyna agaç düşelen bosaganyň üsti açyldy. Alnyp barylan barlaglaryň netijesinde kerwensaraýyň aşaky gatyndan (polundan) orta asyr binagärlik sungatynda ýoň bolan arça şekilinde bişen kerpiçleriň gytaklaýyn düşelip bezelendiginiň hem üsti açyldy. Mundan başga-da, orta asyr hünärmentçiliginiň iň bir naýbaşy önümleri bolan keramikadan we farfordan ýasalan gap-gaçlarynyň tapylmagy kerwensaraýyň öz döwründe ajaýyp jemgyýetçilik ymaratlarynyň biri bolandygyny ýüze çykardy.
Gadymy Köneürgenjiň we demirgazyk Türkmenistanyň orta asyr binagärlik sungaty şol döwürde türkmen halkynyň gazanan ajaýyp hem gaýtalanmajak sungat eseridir. Bu barada taryh ylymlarynyň doktory M.A.Mamedowyň awtorlygynda çap edilen, ,,Gadymy Ürgenjiň binagär ussalary’’ atly kitabynda hem giňden bellenilip geçilýär.