“Ýol hereketiniň harplygy”
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Nebitçi” hem-de “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde “Ýol hereketiniň harplygy” atly çeper okaýyşly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri dynç alýan dürli ýaşdaky çagalarymyza ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek biziň janymyzyň, saglygymyzyň goraglydygyny üpjün edýändigi we ýol hereketiniň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gökderedäki “Nebitçi” we “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezindäki çagalar ýol hereketiniň düzgünlerine degişli birnäçe goşgulary ýatdan çeper aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.