“Edep-başy salam”
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Edep-başy salam” atly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri halkyň arasynda “Salamdan başlanýar edebiň başy” diýilýändigi, çagalarda edep-ekramyň emele gelmeginde iň beýik görelde ulularyň hereketleridigi dogrusynda we özüňden uly ýa-da kiçi bilen salamlaşmagyň kadalaryny birnäçe rowaýatlaryň üsti bilen şol ýerde dynç alýan çagalara giňişleýin gürrüň berdiler.
Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalara şeýle-de, Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan “Paýhas çeşmesi” , “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” , atly kitaplaryndan hem edep-terbiýe, ynsaplylyk, agzybirlik bilen baglanyşykly nakyllary, tymsallary okap berdiler. Çagalar hem öz gezeginde salam bilen baglanyşykly ertekilerdir, goşgulary çeper aýdyp berdiler.
Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda bize şeýle ajaýyp kitaplary peşgeş beren Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.