“Bitaraplyk parahatlyk-dost-doganlyk binýady”


“Bitaraplyk parahatlyk-dost-doganlyk binýady”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Standartlarynyň Baş Döwlet gullugynyň bilelikde gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş merkezinde “Bitaraplyk parahatlyk-dost-doganlyk binýady” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda uly rowaçlyklara beslenip, ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülýändigi, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da dabaralandyryp, ata Watanymyzy röwşen geljege sary alyp barýan Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik ösüşlerden ösüşleri nazarlaýan, dünýä derejesinde abraýy barha artýan eziz Diýarymyzyň haýsy künjegine barsaň-da ösüşdir-özgerişleriň, halkyň bagtyýarlygynyň, çagalaryň şadyýan gülküleriniň şaýady bolýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler we çäräniň ahyrynda halkyna parahat durmuşy bagyş eden hormatly Prezidentimize öz çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.