Döredijilik duşuşygy


Döredijilik duşuşygy



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasy, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Mary welaýatynyň Mary şäheriniň merkezi kitaphanalarynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy uly dabara bilen belleniljekdigi hem-de ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejeleri ösüşli menzilleri barada täsirli gürrüň etdiler we şahyrlar medeniýetiň we sungatyň ýeten sepgitleri barada durup geçdiler, şeýle-de özleriniň ajaýyp goşgularyny okap berdiler.
Çäräniň ahyrynda döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar sanly ulgam arkaly özara sorag-jogap alyşdylar. Çärä gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi täze belentliklere çykarmaga, okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.