“Parahatçylygyň we ynanyşmagyň dünýä ykraryýeti”


“Parahatçylygyň we ynanyşmagyň dünýä ykraryýeti”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynda 2021-nji ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň dünýä ykraryýeti” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler kalplara ylham bolup dolýan
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly asuda asmanymyzyň astynda, parahat zeminimiziň üstünde amala aşyrylýan beýik işleriň dowamat dowam bolýandygy ata Watanymyzyň ösüşi, özgerişi parahatçylyk ýörelgesiniň berjaý edilişi, Türkmenistan Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan toplumlaýyn işleriň şu ýylymyzyň ilkinji günlerinden giň gerime eýe bolýandygyny, döwlet derejesindäki toýdur-baýramlarymyzyň ýokary derejede belleniljekdigi barada gürrüň berdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz ata-Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris” diýen altyna barabar sözleri çärä gatnaşyjylary döredijilikli zähmet çekmäge, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrdy.
Çäräniň dowamynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna bagyşlap gurnalan kitap sergisi bilen giňişleýin tanyşdyryldy we halkyna parahat ýaşaýşy bagyş eden hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.