“Türkmen galalary hakynda rowaýatlar”


“Türkmen galalary hakynda rowaýatlar”



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde türkmen halkynyň geçmişde guran galalaryna bagyşlap “Türkmen galalary hakynda rowaýatlar” atly söhbetdeşligini geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmeni dynç alýan çagalara türkmen topragynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli ösmegine öz goşandyny goşan halkdygy hem-de taryhyň dürli döwürlerinde ata-babalarymyzyň guran binalary esasanam galalary hakynda gürrüň berdi. Öz gezeginde bilesigeliji çagalar hem kitaphana hünärmenimiz bilen türkmen galalary hakynda sowal-jogap alyşdylar. Käbir çagalar bolsa, ýaşaýan welaýatlaryndaky galalar hakda rowaýatlary aýdyp berdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýaş nesli milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemäge, olara medeni mirasymyzyň dürli görnüşlerini giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.