Kitapdyr adamyň ruhy hemrasy


Kitapdyr adamyň ruhy hemrasy



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitapdyr adamyň ruhy hemrasy” atly söhbetdeşligini geçirdi. Kitaphana hünärmeni Mähriban Arkadagymyzyň ꞉ “Her bir kitap meni adamkärçiligiň belentliklerine galdyrýan, durmuşa düşünmegine ýardam edýän güýç bolup görünýär” diýen sözleri bilen başlap, çagalara elmydama kitap bilen dostlaşmalydygyny, kitap adamzadyň dünýägaraýşyny giňeldýändigini, kitap diýlende çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklenmeli däldigini aýdyp geçdi. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatlaryň uly orny bolmalydygyny kitap çagalaryň sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär diýip belläp geçdi.
Kitaphanamyz tarapyndan çeper eserlere bagyşlanyp gurnalan kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesle okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.