“Muny bilmek gyzykly”


“Muny bilmek gyzykly”



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dünýäniň iň owadan guşlaryny aýtmak boýunça “Muny bilmek gyzykly” atly sowal-jogap bäsleşigini geçirdi. Bu bäsleşigiň başynda kitaphanamyzyň hünärmeni Türkmenistanyň gyzyl kitabyna giren guşlar barada aýdyp berdi. Çagalar hem öz gezeginde Türkmenistanyň gyzyl kitabyna giren guşlar, ýagny, kaşykburun, gara leglek, bürgüt, gyzylgaz, hindi towugy ýaly birnäçe guşlar bilen bir hatarda dünýäde owadan hasaplanylýan guşlary aýdyp berdiler. Mundan başga-da çagalar guşlara, umuman dürli haýwanlara bagyşlanan goşgulary çeper aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.