“Rus halk ertekilerine syýahat”


“Rus halk ertekilerine syýahat”



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde rus halk ertekilerine bagyşlanan “Rus halk ertekilerine syýahat”ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara rus halk döredijiligi barada we rus ýazyjy şahyrlaryň ýagny Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, Petr Pawlowiç Erşow, Pawel Petrowiç Bazow, Lew Nikolaýewiç Tolstoý we birnäçe ýazyjylaryň ýazan ertekileriniň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti,erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüň berdiler. Soňra bolsa çagalar hem öz gezeginde rus halk ertekilerini okap öz aralarynda bäsleşdiler we sorag-jogap alyşdylar. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan rus halk ertekilerinden düzülen göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.