“Arkadagyň sagdyn durmuş ýörelgesi”


“Arkadagyň sagdyn durmuş ýörelgesi”



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Zenanlar guramasy bilen Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde gurnamagynda Türkmen Standartlarynyň Baş Döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Arkadagyň sagdyn durmuş ýörelgesi” atly sport çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan türkmen sportuny ösdürmekde uly işleriň alnyp barylýanlygy, ynsan saglygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan saglyk we sport ulgamyna degişli kitaplaryndan ruhlanyp, ilat arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sporta bolan gyzyklanmany artdyrmak arkaly birnäçe sport bäsleşikleriniň guralýanlygy, çünki sport sagdynlygyň gözbaşydygy, sport bilen meşgullanýan adamyň beden saglygynyň berkemegi bilen birlikde, ruhubelentligiň artýandygy, bedenterbiýäniň we sportuň adamyň akyl zähmetiniň netijeliligine, pikirlenme ukybynyň artmagyna, ýatkeşligine, taplanmagyna oňaýly täsir edýändigi barada gürrüň etdiler.
Çäräniň dowamynda sportuň bir görnüşi bolan, adamyň pikirlenmek ukybyna uly täsir edýän şaşka-şahmat boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde ýeňiş gazanan çagalara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglyk we sport ulgamyny dünýä derejesine çykarmakda alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.