“Şorta sözler”
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde türkmen halk döredijiligi boýunça “Şorta sözler” atly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmeni dynç alýan çagalara, şorta sözleriň nesilden-nesle dowam edip gelýän, resmi bolmadyk mekdebini görmek we şol mekdebiň halypa we şägirtler neslini yzarlamak mümkindigini, bu däbiň başyny başlaýjy Ependidigini hem-de söz ussatlary bolan A. Nowaýynyň-Myralynyň, Keýmir körüň, Aldar kösedir Japbaklaryň we beýlekileriň adyndan aýdylýan şorta sözler barada gürrüň berdi.
Bu ýerde dynç alýan çagalar hem öz gezeginde nusgawy şahyrymyz
M. Keminäniň döredijiliginden özleriniň bilýän şorta sözlerinden aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýaş nesli milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemäge, olara medeni mirasymyzy, halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.