Nowruz geldi – Bitaraplygyň mekanyna


Nowruz geldi – Bitaraplygyň mekanyna



Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Baş bilim müdirliginiň 132-nji orta mekdebi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi – Bitaraplygyň mekanyna» ady bilen wagyz - nesihat çäresini geçirdi.

Wagyz - nesihat çäresiniň dowamynda Milli bahar baýramynyň taryhy we milliligi barada myhmanlar, mugallymlar, kitaphanaçylar täsirli gürrüňler berdiler. Mekdep okuwçylarynyň bagtyýarlyk döwrümiziň ösüşlerini we ajaýyp baharyny wasp edýän goşgulary, şäherimizdäki 3-nji çagalar sungat mekdebiniň «Şirwan dutarçylar, bagşylar» toparynyň aýdym-sazly çykyşlary has-da täsirli boldy.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşadýan, Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegine uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edildi.