“Garaşsyzlyk baky-bagtym”
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-sazly bäsleşigine gatnaşan çagalaryň arasynda “Garaşsyzlyk baky-bagtym” atly aýdym-sazly çäresini geçirdi. Bu çärede kitaphana hünärmenimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda asyrlara barabar işleriň edilendigi barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphanaçymyz birnäçe taryhy wakalary mysal getirip Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty hakda aýdyp berdi. Çäre gatnaşan çagalaram öz gezeginde Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplardan ruhlanyp, türkmeniň milli tagamlaryna, bedew atyna, halysyna, Garaşsyzlyga bagyşlap birnäçe aýdymlary aýdyp, ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli kitaphanamyz tarapyndan “Garaşsyzlyk-döwletlilik” atly gurnalan kitap sergisi hem çärä gatnaşan çagalarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň dowamynda ýaş zehinleri ýüze çykarmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Mähriban Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.