“Ýaz ýürekli şahyr”


“Ýaz ýürekli şahyr”



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy kitaphana gelýän okyjylarynyň arasynda şahyr Halyl Kulyýewiň doglan gününiň 85-ýyllygyna bagyşlap “Ýaz ýürekli şahyr” atly edebiýat sahypasyna degişli çäresini geçirdi. Bu geçirilen çärede kitaphanamyzyň hünärmeni H. Kulyýewiň ömri-döredijiligi hem-de onuň baharyň şahyrydygy we goşgularynda sadadan gelen üýtgeşik setirleri tapyp, täzeçe sagdyn pikirleri jemläp bilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da kitaphanaçy H. Kulyýewiň diňe poeziýa-da däl, edebiýaty öwreniş ylmynda hem uly işleri bitiren zehinli alymdygy we ýaşan ömründe abraýly mugallym bolandygy barada hem aýdyp berdi. Aşgabat şäher medeniýet müdirligine degişli 2-nji we 7-nji sungat mekdebinden gelen okyjylarymyz bolsa H. Kulyýew şygyrlaryny labyzly aýdyp, ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi hem okyjylarda uly täsir galdyrdy .
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesle alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.