Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Büzmeýin etrap Medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Bagyr Medeniýet öýünde Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly dürdäne kitaby barada çykyş edenler bu eseriň halkymyzyň geçmişi, ýagty şu güni we nurana geljegi baradaky maglumatlary, fotosuratlary, Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şöhratly taryhynynyň ýyl ýazgylaryny özünde jemleýän täze neşiriň ýurdumyzyň geljegi bilen baglylykda Garaşsyzlyk eýýamynyň wakalaryny beýan etmekden ybaratdygy, bu kitabyň geçmişiň häzirki döwre, şu günki günüň we geljegiň gymmatlyklaryna has doly düşünmäge hyzmat etjekligi hem-de eziz Diýarymyzyň milli Garaşsyzlygynyň beren miweleriniň gadyr-gymmaty aýratyn nygtalýan zatlaryň biridir diýip belläp geçdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň döwlet galamyndan çykan täze eserinde dünýäde parahatçylygyň, doganlygyň, dostlugyň berkarar bolmagyna belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri öz beýanyny tapýandygy barada täsirli gürrüň berdiler.
Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp toý sowgady üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.