“Merdana pederleriň hatyrasy”


“Merdana pederleriň hatyrasy”



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda öz okyjylary bilen ýurdumyzda bellenilip geçilýän Hatyra güni mynasybetli “Merdana pederleriň hatyrasy” ady bilen ýatlama söhbetdeşligini geçirdi.
Bu söhbetdeşlikde kitaphana hünärmenimiz merhumlary hatyralamak, olary ýagşylykda ýatlamak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir diýmek bilen bir hatarda ýurduň azatlygy, iliň erkinligi üçin mertlik bilen söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip wepat bolanlar, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlar hakyndaky ýatlamalar halkymyzyň hakydasynda ebedi bolýandygyny we olar taryha öz atlaryny edermenlikleri, gaýduwsyzlyklary, ýanbermezlikleri bilen geljekki nesiller üçin watansöýüjüleriň nusgasyna öwrülendikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Çäräniň dowamynda kitaphanamyzda Hatyra gününe bagyşlanyp gurnalan kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan, ajaýyp keşbi bilen göreni haýrana goýýan gözel paýtagtymyz Aşgabady gülledip ösdürýän Mähriban Arkadagymyza çäräniň dowamynda alkyş sözleri beýan edildi.