“Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolar”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen 84-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň täze “Garaşsyzlyk- bagtymyz”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplary esasynda “Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolar” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň durmuşymyza ornaşdyran täzeçillikleriniň umumadamzat bähbitlerinden ugur alýanlygy, esasan hem ýurdumyzda ynsanyň içki dünýäsini özgerdiji güýç hasap edilýän kitaba uly hormat goýulýanlygy, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemal tapan gyzyldan gymmatly kitaplaryny halkyna sowgat bermegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Esasan hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary biziň geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde esasy gollanma bolup durýanlygy şeýle hem “Garaşsyzlyk- bagtymyz” atly kitabynyň
many-mazmuny, ähmiýeti, hem-de kitapda merdana halkymyzyň täze taryhda – Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleriniň, ýeten derejeleriniň çeper beýan edilýänligi, bu beýan edilen maglumatlaryň, pikir ýöretmeleriň ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada gürrüň berdiler.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik köp jiltli kitabynyň XIII jildinde hem türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olaryň ýygylyşy we melhemleriň taýýarlanyşy hakynda maglumatlaryň we dermanlyk ösümlikleriň suratynyň ýerleşdirilmegi okyjylaryň bu tebigy melhemler bilen tanyşmagyna
has-da oňyn şert döredýänligi we bu eserleriň her biri türkmen halkynyň ruhy dünýäsini, milli medeniýetini, sungatyny, taryhyny, tebigatyny, dermanlyk ösümliklerini dünýä ýaýmakda iňňän ähmiýetlidir diýip täsirli gürrüň berdiler.
Şahyryň Watanymyz, Gahryman Arkadagymyz, Mukaddes Garaşsyzlygymyz hakyndaky joşgunly şygyrlary çäre gatnaşyjylara ýatdan çykmajak duýgyny bagyşlady.
Çäräniň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri belentden ýaňlandy.