Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň Büzmeýin etrabyndaky «Iri paneli jaý gurluşyk» zawodynda «Bitarapdyr Arkadagly bu Watan» ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Çärede mähriban Arkadagymyzyň dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň parahatçylygyny, agzybirligi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer, özara düşünişmek ýaly nusgalyk işleri bu günki gün tutuş ýer ýüzünde goldanylýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi we hormatly Prezidentimiziň bize serpaý edýän kitaplary dürli dillerde neşir edilip jemgyýetçilik üçin gymmatly çeşme bolmak bilen, belent adamkärçilik duýgusy, halallyk, zähmetsöýerlik, ata-Watana, mukaddes topraga bolan söýgi eriş-argaç bolup geçýändigi, ýaşlary ruhubelent, terbiýeläp ýetişdirmekde iňňän uly ähmiýete eýe bolýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Çärede «Türkmenistan Bitaraplygyň – mekany» ýyly mynasybetli sergi gurnaldy. Gurnalan sergidäki kitaplara kitaphana hünärmenleri syn berdiler. Soňra çäräniň ahyrynda sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.