“Garajaoglan hem onuň şahyrana dünýäsi”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda öz okyjylary bilen “Garajaoglan hem onuň şahyrana dünýäsi” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Bu çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň beýik şahsyýetlerine sarpa goýmagyň nusgalyk mekdebini döretdi. Şunuň netijesinde ýurdumyzda görnükli şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny öwrenmek işi ýokary derejede ýola goýulýanlygy, şeýle hem pähim-parasada ýugrulan edebiýatda, söz sungatynyň kämil eserlerinde müdimilik ýol-ýörelgeleri döredip, ady äleme dolan dana akyldarlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň örän köpdügi şolaryň biri-de dünýä halklaryna ajaýyp şygyrlary miras galdyran ussat şahyr hem-de ökde bagşy-sazanda Garajaoglan şahyr barada we onuň ömri, döredijiligi,
pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary hakda, şeýle hem şahyryň eserlerinde watançylygy, gahrymançylygy, edermenligi, batyrlygy, adamkärçiligi, halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy we Garajaoglanyň goşgularynyň aglabasy aýdyma öwrülip, şu güne çenli bagşylaryň arasynda aýdylyp gelinýändigi, häzirki wagtda hem ak mermere beslenen paýtagtymyzyň iň gözel, iň ajaýyp merkezinde Garajaoglanyň heýkeliniň goýulandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň ahyrynda Garajaoglanyň goşgularyndan çeper okaýyş okaldy.