“Owazy jahana ýaýran dutarym ” atly söhbetdeşlik


“Owazy jahana ýaýran dutarym ” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen türkmen milli saz guraly dutar barada “Owazy jahana ýaýran dutarym” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň milli aýdym-saz sungatymyzy ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmekde alyp barýan işleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Kitaphanamyzyň hünärmenleri Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny barada bilesigeliji okyjylarymyza aýdyp berdiler. Şeýle-de dutar saz guralynyň ýasalyş aýratynlygy, onda çalynýan şirin sazlar barada çagalar bilen gyzykly söhbet etdiler.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.