Arkadagly Diýarda Bitaraplyk ýolumyz
2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Arkadagly Diýarda Bitaraplyk ýolumyz” atly dabaraly maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Oguljan Amanowa “Bitarap döwletimiziň hukuk ulgamynyň batly gadamlary”, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, TKA-nyň welaýat birleşiginiň hukuk gözegçisi Begenç Rejebow “Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek we konstitusion özgertmelerini geçirmegiň ähmiýeti” diýen mowzuklarda çykyş etdiler.
Soňra welaýat kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň müdiri Bahar Amanowa “Türkmen Bitaraplygynyň häzirki zaman hakykaty”, syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň baş kitaphanaçysy Leýla Rejebowa “Parahatçylygy döretmek sungaty”, hyzmat ediş bölüminiň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Agagül Annaýewa “Türkmenistan-halklary dostlaşdyrýan mekan”diýen temalarda çykyş edip, Gahryman Arkadagymyza ýurdymyzda we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.