“Paýhas çeşmesiniň” gatyn açamda” atly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen “Paýhas çesmesiniň” gatyn açamda” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitabynyň many-mazmuny, kitapda öz beýanyny tapan nakyllardyr, atalar sözleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi.
Hünärmenlerimiz esasan hem ylym-bilim, kitap okamagyň ähmiýeti barada aýdylan nakyllaryň birnäçesini çagalara giňişleýin düşündirdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimize giňişleýin ýetirmek ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.