“ Nagyş görki alaja” atly söhbetdeşlik


“ Nagyş görki alaja” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek maksady bilen “Nagyş görki alaja” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli el işlerimiz barada täsirli gürrüňler edildi. Olaryň arasynda ak we gara şeýle-de dürli reňkli ýüplerden işilýän alajalara aýratyn orun berildi. Gözden-dilden goranmak maksady bilen bilege, boýna dakylýan, egin-eşiklere çatylýan, öýüň töründen asylýan, çaga sallançagyna bag edilýän alajalaryň dürli görnüşleri barada hünärmenlerimiziň aýdyp beren gyzykly maglumatlary çagalarda uly täsir galdyrdy. Çagalar alaja barada ýazylan hekaýalary uly höwes bilen diňlediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada ýaşajyk okyjylarymyza gyzykly gürrüňler berildi. Gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy. Höwesjeň okyjylarymyz hem özleriniň eli bilen işen alajalaryny sergide ýerleşdirdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli el işlerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.