“Bol hasyl Watan şany” atly ylmy maslahat


“Bol hasyl Watan şany” atly ylmy maslahat



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda noýabr aýynyň 11-ne “Bol hasyl Watan şany” atly ylmy maslahat geçirildi.
Maslahatda Garaşsyz Baky bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllary içinde oba hojalygynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, halkyň bolelin ýasaýyş durmuşyny gowulandyrmakda alnyp barylýan isler dogrusynda söhbet edildi. Maslahatyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, oba hojalygyna degişli kitaplar, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän kitaplaryň sergisi gurnaldy.
Maslahata S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşyp, oba hojalyk ulgamynda gazananylan üstünlikler, bu ugurdan kämil hünärmenleri taýýarlamakda oňyn şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi dogrusynda söhbet etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň halypa hünärmenleri oba hojalygynyň ösüşleri barada gürrüň berdiler.