“Ruhy gymmatlygymyz äleme ýaýran, hemem bu bagtyýar döwrüme gurban”atly edebi duşuşyk


“Ruhy gymmatlygymyz äleme ýaýran, hemem bu bagtyýar döwrüme gurban”atly edebi duşuşyk



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ruhy gymmatlygymyz äleme ýaýran, hemem bu bagtyýar döwrüme gurban”atly edebi duşuşyk dabarasy geçirildi. Dabara Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym fakultetiniň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Gurt Nazarow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýa Annaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Çynar Amansähedowa dagylar gatnaşdylar.
Çykyş edenler Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyň ak ýolundan ynamly öňe barýan Watanymyzyň her bir güni ösüşlere, üstünliklere, rowaçlyklara beslenýändigi, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly, bagtyýar günleri bolup aňymyza, ruhumyza ornaşjakdygy, häzirki wagtda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşi hem-de üstünlikleri barada gürrüň berdiler.
Dabaranyň çäklerinde “Medeniýet-halkyň joşguny” atly kitap sergisi guraldy. Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary hem-de türkmen medeniýetine we sungatyna degişli kitaplar sergilendi.