Bitaraplyk mekanym-jan Watan Türkmenistan
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy 133-nji orta mekdepde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk mekanym - jan Watan Türkmenistan” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk derejesi milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen dünýäde parahatçylygy goramaga, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen, döwletleri we halklary agzybirlige çagyrýan hem-de wagyz edýän taglymy esaslaryna öwrülendigi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň gymmatly we tapawutlandyryjy häsiýeti bolup, onuň esasynda diňe bir ýurduň içinde däl-de, eýsem tutuş sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge ugur alýandygy, häzirki günde biziň döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň ähli ýurtlary bilen deň gatnaşyklara eýe bolýanlygy, Türkmenistan Bitarap döwletiň borçnamalaryny ýerine ýetirmekde birnäçe halkara şertnamalaryna diňe bir gatnaşyjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem olary durmuşa geçirmäge hem işjeň gatnaşýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda irginsiz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.